Sepleriň elýeterliligi

Bütindünýä banky: Ösýän döwletler ösüş gazanýar, emma töwekgelçilikler aradan aýrylanok


Bütindünýä bankynyň hasabatynda bellenişine görä, azyk önümleriniň bahasynyň gymmatlamagy alada döredýän esasy meseleleriň biri bolup durýar.

Bütindünýä bankynyň hasabatynda bellenişine görä, azyk önümleriniň bahasynyň gymmatlamagy alada döredýän esasy meseleleriň biri bolup durýar.

Bütindünýa bankynyň “Global ykdysady perspektiwalar 2011” hasabatynda regional derejede has uly ykdysady ösüşli döwletleriň arasynda Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Gürjüstan, Orsýet, Özbegistan we Türkmenistan hem agzaldy. Olaryň görkezijileri regional ortaça görkezijiden ýokary.


Bütindünýä bankynyň Barlaglar toparynyň Global makroykdysadyýet boýunça ýolbaşçysy Endrýu Börns 2011-nji ýylda tutuş dünýä boýunça ykdysady ösüşiň 46%-ni Ösýän döwletleriň emele getirjekdigini aýdýar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi Ösýän döwletleriň hataryna girýär.

Hasabatda Ösýän döwletleriň köpüsinde önümçilik görkezijileriniň krizisden öňki derejä dolanyp gelenligi aýdylýar. Emma GDA-nyň harytlara garaşly ykdysady sistemaly döwletleri ýangyjyň we metallaryň dünýä bahalarynyň galmagyndan peýdalanmaklaryny dowam etdirmeli diýilýär.

Bütindünýä bankynyň hasabatynda bellenişine görä, azyk önümleriniň bahasynyň gymmatlamagy alada döredýän esasy meseleleriň biri bolup durýar. Bu ilkinji nobatda öňden bäri garyplyk we ilatyň doýa garna iýip bilmezligi bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýän ýurtlarda has ýiti duýlar.

Bütindünýä bankynyň ösüş perspektiwalary boýunça müdiri Hans Timmeriň bellemegine görä, azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagy girdejileriniň aglaba bölegini azyk önümlerine sarp edýän eli ýuka adamlaryň durmuş derejesine göni täsir ýetirer.

Türkmenistan

Türkmenistan öz sosial-ykdysady ýagdaýyny we ilatyň durmuş derejesini görkezýän resmi sanlaryny köpçüligiň dykgatyna ýetirmän gelýär. Emma ýurtda ilatyň girdejilerine garanda çykdajylary has güýçli depginde ösýär, bahalar yzygiderli ýokarlanýar diýlip, habar berilýär.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan bir ýerli ýaşaýjy ilat köpçüliginiň esasy gaýgysynyň eklenç aladasydygyny aýdýar: “Bir aýyň içinde bir kilejik et alyp iýip bilseler, hoş bolýarlar. Gerek zadyny günde zordan satyn alyarlar. Süýji-kökeden doýýan çaga ýok oba ýerlerinde”.

Orsýetiň Ýokary ykdysady mekdebi atly Döwlet uniwersitetiniň ýokary derejeli ylmy işgäri, ykdysadyýetçi Andreý Suzdaltsewiň pikirine görä, Türkmenistan ýaly gowşak ykdysadyýetli ýurtlaryň ykdysady görkezijileri tebigy serişdeleriň eksportynyň hasabyna ýokary bolup bilýär.

“Emma Türkmenistanda şol yglan edilýän ykdysady ösüş görkezijileriniň ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna täsir ýetirip başlamagy üçin mümkinçilik ýok” diýip, uniwersitetiň Informasiýa, ykdysadyýet we syýasat boýunça fakultetiniň ýolbaşçylaryndan Andreý Suzdaltsew aýdýar.

Real ösüş

Suzdaltsewiň pikirine görä, real ösüşiň bolmagy üçin ykdysadyýetiň çig-mal serişdelerine garaşlylygyny gowşatmaly, ösen halkara ykdysadyýetine aralaşyp, mynasyp orun eýelemeli. “Munuň üçin bolsa düýpden täze häkimiýet sistemasyny döredip, täze ykdysady syýasat ýöretmeli”.

Bilermen türkmen ykdysadyýetiniň syýasy kararlara garaşlydygyny aýdyp, dünýäniň baý ýurtlarynyň arasynda awtoritar režimli ýurtlaryň ýokdugyny, awtoritar režimler belli bir döwürde ykdysadyýeti durnuklaşdyrmagy başarýan hem bolsa, soň olaryň gutulgysyz petige direlýänligini nygtaýar.

Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetlerinde 2012-nji ýyla çenli durnukly ösüşiň boljagy barada berlen bahalar ilkinji çaklamalar. Emma ykdysadyýeti kämilleşdiriji içerki syýasat ýöredilmese, bergileriň, işsizligiň, ýaşaýyş jaý we bank sistemalarynyň gowşaklygynyň ösüşi haýallatjakdygy duýdurylýar.

Bütindünýä bankynyň soňky ýaýradan hasabatynda, 2010-njy ýylda dünýä derejesinde Umumy içerki önümçiligiň umumy derejesi öňküsinden ýokarlanyp 3,9%-e ýeten bolsa, 2011-nji ýylda bu derejäniň 3,3%-e çenli peseljegi, emma 2012-nji ýylda 3,6 %-e çenli ýokary galjagy çak edilýär.
XS
SM
MD
LG