Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Syýasy partiýalar baradaky” kanuny işläp düzmek çaltlandyrylar


20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisinde eden çykyşynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Syýasy partiýalar baradaky” kanun proýektini işläp düzmegi çaltlandyrmagyň zerurdygyny belledi.

TDH-niň maglumatyna görä, türkmen parlamentinde bolan duşuşykda gozgalan aktual meseleleriň arasynda jenaýat-jeza sistemasyny mundan beýläk has ynsanperwer etmek, kanun goraýjy we kanun ulanyjy organlaryň işini gowulandyrmak ýaly meseleler bar.

Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksini, Administratiw düzgün bozmalar baradaky kanuny, Graždan prosessual kodeksini işläp düzmegi we kabul etmegi gaýragoýulmasyz çäreleriň hataryna goşdy.

Bulardan başga-da döwlet baştutanynyň tabşyrygy boýunça deputatlar “Türkmenistanyň konsullyk gullugy baradaky”, “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilçilikleriniň statusy baradaky”, “Türkmenistanda daşary ýurt graždanlarynyň hukuk düzgünleri baradaky “ kanunlara ýaňadan sereder.
XS
SM
MD
LG