Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň sirkinde mekdep-studiýa açyldy


Türkmen döwlet sirkinde 2010-njy ýylyň 1-ňji dekabrynda mekdep studiýa açylyp, oňa geljegi uly ýaşlaryň 14-si kabul edildi, olar ýene 10 aýdan okuwy tamamlap, sertifikat alarlar. Bu barasynda “Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti ýazýar.

Türkmen döwlet sirki 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministriliginiň garamagynda döredilipdi. Sirkiň köne iki gatly binasynyň durky täzelendi, oňa 1,700 tomaşaçy ýerleşýär.

“Ilkinji tomaşa 2010-njy ýylyň 23-nji aprelinde bolup, ol türkmen sirkiniň ikinji gezek dünýä inmegini aňladypdy” diýip, gazet belleýär.
XS
SM
MD
LG