Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň prezidenti amerikan Kongressiniň liderleri bilen duşuşdy


Döwlet sapary bilen ABŞ-a baram HHR-niň başlygy Hu Jintao Kongressiň liderleri bilen duşuşdy.

HHR-niň başlygy täze spiker - respublikan Jon Beýner, Senatda demokratik köplügiň lideri Garri Rid, daşary işler boýunça komitetiň baştutany – demokrat Jon Kerri hem täsirli senatorlar - respublikan Jon MakKeýn we Riçard Lugar bilen gürrüňdeş boldy.

Ozaly bilen Hytaýda intellektual emlägi goramak, Demirgazyk Koreýanyň agressiwligini agyzdyryklamak ýaly problemalar maslahat edildi.

Hu Jintao düýn Hytaýda biznes alyp barýan amerikan telekeçileri bilen duşuşdy we olary öz ýurdunyň ABŞ üçin harby howp döretmeýändigine ynandyrdy.

“Pekin ABŞ üçin ykdysady hyzmatdaş we çuňňur ykdysady krizisden soň dünýä ykdysadyýetini aýaga galdyrmakda kömek bermäge taýýar” diýip, Hu sözüniň üstüne goşdy.

“Biz parahatçylykly ösüşiň tarapdary bolup galýarys” diýip, Hu Szintao telekeçilik boýunça amerikan-hytaý Geňeşiniň ýolbaşçylary bilen duşuşygynda aýtdy.

HHR-niň başlygynyň sözlerine görä, Pekin hiç haçan agalyga we eksponsionizm syýasatyna ýykgyn etmez.

Analitikler Hu Jintaonyň ABŞ-a saparyna soňky 30 ýylda iň möhüm sapar hökmünde baha berýärler.
XS
SM
MD
LG