Sepleriň elýeterliligi

Tunisde heläk bolanlaryň hatyrasyna matam yglan edildi


Tunisiň häkimiýetleri prezident Ben Aliniň häkimiýetden gitmegine getiren köpçülikleýin tolgunyşyklar wagty heläk bolanlaryň hatyrasyna ýurtda üç günlük matam yglan etdi.

Heläk bolanlaryň sany, resmi maglumata görä, 78 adam.

Mundan öň täze hökümet ýurtdaky ähli syýasy topararyň hereketini, şol sanda yslamçy “En-Nahda” hereketini açyk etmek we syýasy tussaglary aklamak kararyna geldi.

Täze hökümetdäki öňki prezidentiň partiýasynda duranlar hökümetden çykýandyklaryny yglan etdiler.
XS
SM
MD
LG