Sepleriň elýeterliligi

Moskwada rus-owgan gepleşikleri geçiriler


Orsýetiň we Owganystanyň prezidentleri Moskwada gepleşikler geçirerler.

Kremliň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, Dmitriý Medwedew bilen Hamid Karzaýyň duşuşygynda esasy üns ykdysady hyzmatdaşlyga berler.

Gürrüň, hususan-da, Owganystana berilýän ors nebitiniň möçberini artdyrmagyň mümkinçilikleri barada bolar.

Owganystandan Orsýete neşe daşalyşyna garşy durmak hem möhüm temalaryň biri bolar.

Geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň ahyryndan bäri owgan baştutanynyň Moskwa ilkinji resmi sapary barada gürrüň gidýär.
XS
SM
MD
LG