Sepleriň elýeterliligi

Ukrainanyň prezidenti Ýaponiýa saparyny gysgaltdy


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç Donesks oblastyndaky partlamalar sebäpli Ýaponiýa saparyny gysgaltdy.

Ol güýçlendirilen gulluk režimine geçmek barada kanun goraýjy organlara görkezme berdi.

Penşenbe güni Donesk oblastynyň Makeýewka şäherinde iki sany partlama boldy. Ölen ýa-da ýaralanan ýok.

Näbelli adamlar hat goýup gidip, onda 4 million ýewro talap edýärler. Eger talap ýerine ýetirilmese, täze partlamalar bilen haýbat atýarlar.

Ukrainanyň howpsuzlyk gullugy Makeýewkanyň ýaşaýjylaryny rahatlyga çagyrýar we ýagdaýyň gözegçilik astyndadygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG