Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda wenger işçileri öldürildi


Penşenbe güni Päkistanyň demirgazyk-günbatarynda wenger işçileri öldürildi.

MTI agentliginiň beren habaryna görä, Wengriýanyň nebit-gaz çykarýan MOL kompaniýasynyň işçiler toparyna ýaragly adamlar hüjüm edipdir.

Iki adam öldürilip, ýene ikisi ogurlanypdyr.

Işden soň öýüne gaýdyp gelýän işçileriň awtokerwenine hüjüm edilip, söweşijiler awtokerweni goraýan dört esgeri-de öldüripdir.
XS
SM
MD
LG