Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa Parlamenti Belarusdaky çäreleri ýazgardy


Penşenbe güni Strasburgda kabul eden rezolýusiýasynda Ýewropa Parlamenti belarus oppozisionerleriniň garşysyna alnyp barylýan repressiýany ýazgardy we bu ýurtda täze “erkin we demokratik” saýlawlary geçirmäge çagyrdy.

Parlamentçiler ýokary derejeli belarus çinownikleriniň ÝB ýurtlaryna gelmegine gadaganlygy dikeltmegi we Halkara walýuta fondunyň üsti bilen Minskä berilýän maliýe kömegini duruzmagy teklip etdiler.

Belarusyň prezidentiniň wezäpä geçiş dabarasyna ÝB-niň wekilleri gatnaşmadylar.

Aleksandr Lukaşenkonyň inaugurasiýasy şu gün Minskide boldy.
XS
SM
MD
LG