Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan prezidenti orsýetli kärdeşi bilen duşuşdy


Anna güni Moskwada Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygy barada maslahat edildi.

Owgan we ors taraplary özara söwda gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça ylalaşyga gol goýdular. Ylalaşygyň doly mazmuny barada entek maglumat berilmedi.

"Owganystanyň prezidentiniň biziň ýurdumyza edýän ilkinji sapary özara gatnaşyklarymyzda täze sahypany açmaldydyr" diýip, Medwedew çykyş etdi.

Gepleşiklerden soň ýaýradylan bilelikdäki beýanatda aýdylmagyna görä, prezident Medwedew Owganystana sapar etmek baradaky çakylygy kabul edipdir.

Sowet Soýuzynyň Owganystanda alyp baran urşundan soň owgan resmileri ilkinji gezek Orsýete sapar edýär.
XS
SM
MD
LG