Sepleriň elýeterliligi

Lukaşenko Belarusyň prezidentligine kasam etdi


Anna güni Aleksandr Lukaşenko Belarusyň prezidentligine kasam etdi. Ol ýene-de bäş ýyl wezipesinde galar.

Geçen aý Belarusda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda Aleksandr Lukaşenko dördünji möhlete prezident saýlanypdy, emma bu ýagdaýy ABŞ we ÝB berk ýazgardy.

19-njy dekabrdaky saýlawlardan soň geçirilen protestler hökümet güýçleri tarapyndan gazaply basylyp ýatyrylypdy. Şeýle-de ýüzlerçe adam, şol sanda oppozisiýadan prezidentlige dalaş edenler hem tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG