Sepleriň elýeterliligi

Eýran we dünýä güýçleri täze gepleşiklere başladylar


Eýranyň ýadro edarasynyň baştutany Saeed Jalili (sagda) we ÝB-niň daşary syýasat edarasynyň başlygy Katrin Aşton, Istanbulda, 21-nji ýanwar, 2011.

Eýranyň ýadro edarasynyň baştutany Saeed Jalili (sagda) we ÝB-niň daşary syýasat edarasynyň başlygy Katrin Aşton, Istanbulda, 21-nji ýanwar, 2011.

Eýran bilen dünýäniň uly alty döwleti - ABŞ, Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Hytaý we Orsýet – anna güni Stambulda täze gepleşiklere başladylar. Gürrüň Tähranyň jedelli ýadro programmasy barada barýar.

Bosforyň ýakasynda geçirilýän bu iki günlük duşuşyk öňki duşuşyklardan üstünlikli bolup, uly öňegidişlige getirer diýen tama ýok. Emma Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň sözçüsi Mark Toneriň aýtmagyna görä, amerikan resmileri Eýran bilen gepleşikler boýunça “konstruktiw proses” ýola düşer diýip, umyt edýärler.

“Bilşiňiz ýaly, bular barha artýan kiçi ädimler. Biz uly öňegidişlige garaşamzok. Biz konstruktiw prosesiň döremegini, munuň hem Eýranyň ynamly prosesde halkara arkalaşygy bilen iş salyşmagyna, öz ýadro programmasy baradaky aladalara jogap bermegine, bu barada iş alyp barmagyna getirmegini isleýäris” diýip, Toner aýtdy.

Eýranyň delegasiýasyna ýurduň ýadro edarasynyň baştutany Saeed Jalili ýolbaşçylyk edýär. Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Orsyetiň we ABŞ-nyň delegasiýalaryna ÝB-niň daşary syýasat edarasynyň başlygy Katrin Aşton ýolbaşçylyk edýär. Bu gepleşiklere Türkiýe göni gatnaşanok.

Öňe sürülýän ideýalar

Aýdylmagyna görä, Stambulda taraplar uran berip, ýangyç almak ideýasyny täzeden dikeltmäge taýýarlyk görýärler. Bu alyş-çalşygyň ilkinji warianty barada 2009-njy ýylda ylalaşyga gelnipdi. Ýöne soň bu iş başa barmady. Soňra, 2010-njy ýylyň maý aýynda, Türkiýe bilen Braziliýanyň araçylyk etmegi bilen ýene bir teklip döredi, emma muny Günbatar ret etdi.

Moskwa sapar eden Eýranyň Halkara atom energiýasy gullugyndaky ilçisi Ali Asgar Soltaniýeh Tähranyň ikinji teklibi goldaýandygyny aýtdy: “Edil şu wagt meniň aýdyp biljek zadym şu: biz Tähran beýannamasynyň arkasynda durýarys, ýangyç çalyşma barada Wena topary bilen gepleşikler geçirmäge taýýar” diýip, Soltaniýeh aýtdy.

Uran berip, ýangyç alma ylalaşygyna laýyklykda, Eýran belli bir mukdarda pes dereje baýlaşdyrylan uran bermeli. Dünýäniň güýçli döwletleri hem onuň Tähranda ýerleşýän medisina barlaglary reaktoryny ýangyç bilen üpjün etmeli.

Sanksiýalar

Orsýetiň daşary işler minstri Sergeý Lawrow düýn Stambulda: “Gepleşikleriň gün tertibinde sanksiýalary ýatyrmak hem bolmaly” diýdi.

“Orsýetiň we alty taraplaýyn gepleşiklere gatnaşýanlaryň pozisiýasy gepleşikleriň merkezinde Eýranyň ýadro programmasynyň we şonuň bilen baglanyşykly çözülmän ýatan beýleki meseleleriň bolmagy. Ýöne gün tertibinde ýeke bu bolmaly däl. Eýran HAEG bilen hyzmatdaşlyk eden halatynda sanksiýalary ýatyrmak ýaly başga temalar-da bolmaly” diýip, Lawrow aýtdy.

Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad alty döwleti, gepleşiklerde öňegidişlik isleýän bolsalar, sanksiýalary ýatyrmaklyga çagyrdy. Tähranyň uran baýlaşdyrmagy sebäpli Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsyzlyk Geňeşi soňky ýyllarda onuň garşysyna dört gezek sanksiýa girizipdi.

Günbatar Eýrany atom ýaraglaryny öndürmek isleýänlikde aýyplaýar. Yslam Respublikasy hem muny ret edip, öz ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlara gönükdirilýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG