Sepleriň elýeterliligi

Diktatorlar ala tutulýar


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew (sagda) we Ýewropa komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barroso Bakuwda, 13-nji ýanwar, 2011.

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew (sagda) we Ýewropa komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barroso Bakuwda, 13-nji ýanwar, 2011.

Kimem bolsa biri Ýewropa Bileleşigine Belarusyň diktatory Aleksandr Lukaşenkonyň üstünden tokmagy inderip durmagy bes etmelidigini aýtmalydyr.

Öňümizdäki hepde Ýewropa komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow bilen duşuşyk geçirer. Geçen hepde Barroso Azerbaýjanda bolup, prezident Ylham Alyýew bilen özara gepleşikleri geçiripdi. Azerbaýjandaky adam hukuklarynyň derejesinde Özbegistanyňky bilen deňeşdirlende onçakly bir tapawut ýok. Şol hepdäniň dowamynda-da Ýewropa Bileleşigi energiýa we söwda hyzmatdaşlygyny geňeşmek üçin Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Brýussele gelmek baradaky çakylygynyň möhletini uzaltdy.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko (çepde) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Sammitinde, Astana, 1-nji dekabr, 2010.
Eýse, ýokarda ady tutulan diktorlardan Lukanşenkonyň näme tapawudy barka? Her niçigem bolsa, Belarusda gaz we nebit çykmaýandygy üçin Lukanşenkony günäkärläp bolmaz-a!

Ýewropanyň baştutanlary postsowet döwletlerinden käbirlerine nebit we gaz äýneginiň aňyrsyndan garanlarynda, olara bu ýurtlaryň tapawutly bolup görünýändigi indi hiç kim üçin syr däl. Barroso Alyýew bilen duşuşanda “Men siziň ýurduňyzda örän dinamiki jemgyýetiň bardygyny bilýärin” diýip, nygtady. Belki-de, bu şeýledir, dinamikalydyr. Emma şu aşakdakylary göz öňünde tutmazdan jemgyýetiň dinamikasy barada hiç zat aýdyp bolmasa gerek.

Ýagny, 1993-nji ýyldan başlap Azerbaýjanda saýlawlarda sesleriň galplaşdyrylmadyk gezegi bolmandy. Ylham Alyýewiň kakasy Geýdar Alyýew demokratik ýol bilen saýlanan hökümeti agdaryp, häkimiýet başyna geçipdi. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy we Ýewropa Geňeşi Geýdar Alyýewiň bu hereketini döwlet agdarylyşygy diýip häsiýetlendiripdi.

“Transparency International” guramasynyň korrupsiýa boýunça ýaýradýan hasabatlarynda Azerbaýjanyň hökümetiniň ýaramaz netijelere eýedigini, şeýle-de prezident Alyýewiň žurnalistleriň duşmany diýlip, media gözegçilik edýän toparlar tarapyndan häsiýetlendirlendigini göz öňünde tutsak, onda jemgyýeti asla “dinamiki” diýip, atlandyryp bolmaz.

Diktatorlar biri-birinden galplygy öwrenýärler

Geçen aý Lukaşenkonyň protestleri gazap bilen basyp ýatyrmagy Ýewropa Bileleşiginde nägilelikleri döredipdi. Şeýle-de Belarusa garşy sanksiýalary girizmek gürrüňlerine hem ýol açyldy. Belkem, Lukaşenko muny Alyýewden öwrenendir? Sebäbi Alyýew hem 2003-nji we 2005-nji ýyllarda edil şular ýaly işleri bilen tanalypdy.

2009-njy ýylyň martynda prezident Alyýew Konstitusiýanyň çäginden çykyp, milli referendumyň üsti bilen prezidentlik möhletine girizilýän çäklendirmeleri üýtgedip, özüniň tükeneksiz möhlet bilen prezident bolmagy üçin şert döredipdi. Haçan-da “Euronews” telekanalynyň žurnalisti Alyýewe “Siz özüňizi patyşa saýýaňyzmy” diýip soranda, Alyýew jogap hökmünde diňe kellesini ýaýkapdy. Her niçigem bolsa, ýewropa jemgyýeti üçin Lukaşenko zalym diktator bolup galýar. Alyýewe bolsa özüniň “dinamik” döwleti bilen hakyky dost hökmünde garalýar.

Ýewropa Bileleşigi üçin energiýa marşrutlarynyň alternatiw ýollary juda wajyp. Şu sebäpli Azerbaýjanyň üstünden geçjek “Günorta koridor” tubalary üçin gaz ylalaşygy ykdysady matlapdan gaty möhüm. Ykdysady nukdaýnazardan seredilende, Türkmenistan we Özbegistan bilen hyzmatdaşlygyň hem möhüm manysy bar.

Ýöne näme üçin şeýle gatnaşyklary diňe hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirip bolanok diýen sorag ýüze çykar. Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň Ýewropa hödür etmäge uglewodorod serişdeleri ýeterlik, Ýewropanyň hem olary satyn almaga mümkinçiligi bar. Şeýle ýagdaýda Ýewropa resmilerine diktatorlaryň eginlerine kakyp, “dinamiki” ösüş barada samahyllamak gaty möhümmikä?

Gorkmaz Asgarow Waşingtonda iş alyp barýan blogçy we azerireport.com saýtynyň redaktory. Bu kommentariýadaky pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG