Sepleriň elýeterliligi

Stambuldaky duşuşyk netijesiz tamamlandy


Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça bölüminiň başlygy Katerin Aşton Stambulda, 20-nji ýanwar, 2011.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça bölüminiň başlygy Katerin Aşton Stambulda, 20-nji ýanwar, 2011.

Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly Stambulda dünýäniň alty döwletiniň we Eýranyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen iki günlük gepleşikler şenbe güni hiç hili oňyn netijesiz tamamlandy.

Birleşen Ştatlaryň, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Orsýetiň, Hytaýyň we Germaniýanyň gatnaşmagynda geçirilen bu gepleşiklerde Eýran özüniň urany baýlaşdyrmak işlerini togtatmalydygy we BMG-niň gözegçileriniň düýpli barlaglaryna ýol bermelidigi barada edilen çagyryşlardan ýüz öwürdi.

Şeýle hem, Eýranyň delegasiýasy Tähranyň öz baýlaşdyran uranynyň belli bir bölegini daşary ýurtlara bermegi we onuň öwezine ol ýurtlardan medisina reaktorlary üçin zerur bolan beýleki ýangyçlary almagy barada edilen teklipleri hem kabul etmedi.

Alty döwletiň delegasiýasyna ýolbaşçylyk eden Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça bölüminiň başlygy Katerin Aşton gepleşikleriň şowsuz tamamlanmagynda Eýrany aýyplady.

Hususan-da, ol özleriniň bu gepleşiklerden oňyn öňegidişliklere garaşandyklaryny we bu ugurda ähli mümkin bolan tagallalary edendiklerini aýtdy.

Stambulda geçirilen bu gepleşikleriň yzy bilen gurnalan metbugat konferensiýasyndaky çykyşynda Katerin Aşton gepleşiklerde Tähranyň goýan şertleriniň özleri üçin kabul ederliksiz bolandygyny öňe sürdi.

Onuň aýtmagyna görä, Tähranyň goýan bu şertleriniň hatarynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Eýrana garşy girizen ozalky sanksiýalarynyň ýatyrylmagy we Eýranyň urany baýlaşdyrmaga kanuny hukugynyň bardygynyň ykrar edilmegi ýaly şertler bar.

Gapylar açyk galýar

Katerin Aşton Stambuldaky gepleşikleriň oňyn netijeleri bermändigine garamazdan, gepleşikleri dowam etdirmek boýunça Eýran üçin gapylaryň açykdygyny we Eýranyň konstruktiw ädimleri ätmäge meýilli bolan halatynda, gepleşikleriň ýene gaýtadan ýola goýlup bilinjekdigini nygtady.

Eýranyň ýadro boýunça baş wekili Saed Jalili, Stambul, 22-nji ýanwar.
Emma Eýranyň delegasiýasynyň agzasy Abulfazl Zohrewand habarçylara beren interwýusynda Eýran bilen gepleşik geçirýän taraplarda gepleşik geçirmek üçin hiç bir hili anyk we ünsüňi çekiji temalaryň ýokdugyny aýdyp, bu ýagdaýy tankyt etdi.

Şenbe güni Eýran Stambuldaky maslahatyň çäklerinde Birleşen Ştatlar bilen ikitaraplaýyn gepleşik geçirmek üçin hem zerurlygyň ýokdugyny aýdyp, bu barada edilen tekliplerden ýüz öwürdi.

Soňky wagtlar günbatar ýurtlary Eýranyň ýadro programmasynyň atom ýaraglaryny döretmekligi maksat edinýän bolmagynyň mümkindigini aýdyp, onuň bu programmasyna garşy çykyş edip gelýärler.

Eýran öz gezeginde bu baradaky şübheleriň esassyzdygyny aýdýar. Emma, muňa garamazdan, Eýranyň hökümeti şu çaka çenli BMG-niň atom meselesi boýunça inspektorlarynyň öz ýadro nokatlarynda erkin barlag geçirmeklerine ýol bermän gelýär.
XS
SM
MD
LG