Sepleriň elýeterliligi

Dörtlemeler


Şiraly Nurmyrat













*
Gel, ikimiz şert edeli, byradar –
Öz agzyň-a bir ýum, meňkä-de bakma:
Gel, men-ä döşüme urmaýyn hergiz,
Senem, gaýrat et-de, arkama kakma.

*
Şahyr bolsaň goşgujygňy ýazyber,
Derwüş bolsaň ýol soraman geziber.
Göreşmäge orta çykyp bilmeseň –
Biliňdäki guşajygňy çözüber.

*
Syýasat bir üsti ot-çöpli batga,
Çümdüňmi – çykmagyň gümana, meger.
Biri saňa halas golun uzatsa,
Beýlekiler onam itip goýberer.

*
Merhum bardyr – dirilerden beýikdir,
Diri bar ki – çalşasyň ger maslyga.
Ýeri, şonça guşuň ganyna galyp,
Şo kellemi goýuljagam ýassyga?!

*
Akmak aýdar: «Gözelligi hapalasam»,
Dana diýer: «Tämizläýin, artaýyn».
Halal bendeleriň rahat ukusy
Kümsükleri ýatyranok arkaýyn.

*
«Söýenini alan barmy, ýaranlar?»,
Mätäjiňkem bu gün gury gepmikä?
Belki, azdyr söýenini alanlar,
Alanyny söýen beýle köpmükä?

Şiraly Nurmyrat Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG