Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň resmi metbugaty 2010-njy ýylda dünýäniň köp ýurtlarynda ýüz beren ykdysady krizisiň Türkmenistanyň ykdysadyýetine öz täsirini ýetirmänligini, ähli pudaklar boýunça netijeli ösüşleriň dowam edendigini yzygiderli nygtap geldi.

Energiýa resurslaryndan gelýän girdejileriň möçberi, olaryň nirä sarp edilýänligi barada statistiki maglumatlar metbugat sahypalarynda çap edilmese-de, ýurtda amala aşyrylýan gymmat bahaly gurluşyklaryň sanynyň artýandygyna seredeniňde, ykdysady krizisiň Türkmenistandan sowlup geçendigine ynam döremän hem duranok.

Emma 2011-nji ýylyň başynda ýurduň içerki önümleriniň ençeme görnüşleriniň bahalary, esasan-da azyk önümleriniň bahalary ýokarlandy.

Emeli bahalar

Et we süýt önümleriniň bahasy Aşgabadyň bazarlarynda döwletiň gözegçiliginde bolup, bahalar emeli usulda biraz galdyrylman saklanýar. Et dükanlarynda etiň bahasy “9-10 manat” diýlip ýazylyp goýulýan bolsa-da, satyjylar müşderi bilen hasaplaşanlarynda 12 manatdan gowrak bahadan hasaplaýarlar. Şu sebäpdenem alyjy bilen satyjynyň arasynda närazyçylyklar ýüze çykman duranok.

Daşary döwletlerden getirilýän towuk budunyň, Baharly etrabyndaky guş toplumynyň öndürýän guş etiniň bahalary hem köplenç gümürtik bolmagynda galýar.



Gök we bakja önümleriniň bahasy bolsa görnetin ýokarlanýar. Soňky ýyllar ýyladyşhanalarda öndürilýän hyýar, pomidor diýäýmeseň, beýleki gök önümleriň we miweleriň ençemesi telekeçiler tarapyndan daşary döwletlerden getirilýär.

“Eger-de ýurduň içinde oba hojalygyny ösdürmäge ünsi güýçlendirseler bahalar beýle ýokarlanmazdy” diýip, aşgabatly ýaşaýjy - 45 ýaşly işçi Aýgül aýdýar.

Aýlyklar we kömek pullary

Döwlet tarapyndan aýlyklaryň, pensiýalaryň 10% ýokarlandyrylmagy her ýylda yzygiderli dowam edýär. Şu ýylyň ýanwaryndan hem pensiýalar, çaga pullary eýýäm artdyrylan görnüşinde tölenip başlandy.

“Ilatyň sarp edijiligini göz öňünde tutanyňda aýlyklaryň, pensiýalaryň, çaga pullarynyň 10 göterim ýokarlanmagy ýeterlik däl” diýip, Mary şäherinden 50 ýaşly öý hojalykçy Ogultäç aýdýar.

Soňra ol şeýle diýýär: “Eklenç ýagdaýlary pes hojalyklaryň mugtuna berilýän gaza, toga pul tölemeklige mejbur edilmegi bolsa güzeran ýagdaýyny has hem kynlaşdyrýar”.

Orta mekdepleriň mugallymlarynyň aýlyklarynyň 30-35 göterim ýokarlanandygy baradaky habarlar bolsa ilatyň sosial ýagdaýyny gowulandyrmaga has adalatly çemeleşme diýip, ýaşaýjylar belleýärler. Emma bu çäreler ähli ilat üçin deň derejede ýerine ýetirilse has gowy bolardy diýýänler hem az däl.

Ýakynda Bütindünýä banky öz hasabatynda 2011-nji ýylda Ösýän ýurtlarda azyk önümleriniň bahasynyň gymmatlamagy alada döredýän esasy meseleleriň biri diýip belläpdi.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG