Sepleriň elýeterliligi

Gizlin puluň açyk gürrüňi


Gyrgyzystanyň öňki Wagtlaýyn hökümetiniň maliýe ministri Temir Saryýew (sagda) we Wagtlaýyn hökümetiň agzasy Ömürbek Tekebaýew Bişkekdäki metbugat konferensiýasynda, 8-nji aprel, 2010.

Gyrgyzystanyň öňki Wagtlaýyn hökümetiniň maliýe ministri Temir Saryýew (sagda) we Wagtlaýyn hökümetiň agzasy Ömürbek Tekebaýew Bişkekdäki metbugat konferensiýasynda, 8-nji aprel, 2010.

Gyrgyzystanyň öňki Wagtlaýyn hökümetiniň maliýe ministri Temir Saryýew penşenbe güni parlamentde eden çykyşynda birnäçe wagt mundan ozal, ýagny ýurt üçin haý-haýly döwürde, 21 million amerikan dollaryny nädip gorap saklandygy barada maglumat berdi.

Saryýewiň aýtmagyna görä, Gyrgyzystanyň banklarynyň gutularyndan Kurmanbek Bakyýewiň garyndaşlaryna degişli bolan, emma eýesi tapylmadyk 21 million amerikan dollary alnyp, puluň anyk eýesi tapylmansoň, kanuna görä, ýurduň gaznasyna geçirilmän, ol pullar Milli bankda saklanmaly edilipdir.

Saryýew Wagtlaýyn hokümetiň ýurduň günortasyndaky durnuksyz ýagdaýy düzetmek üçin şol harajatdan iki gezek pul alandygyny aýtdy: “Birinji gezek 1 million 143 müň dollar alnyp, ol pul somda berildi. Ikinji gezek 5 million dollar alyndy. Bu pullaryň berlendigi barada dokument bar. Pullaryň hemmesi Wagtlaýyn hökümetiň kararyna görä berildi”.

Şeýle-de Saryýew 5 million dollardan 2,5 million dollaryň hukuk goraýjy organ işgärlerine berlendigini aýtdy. Ol pul Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komitetine, Goranmak we Içeri işler ministrliklerine berlipdir.

Wagtlaýyn hökümetiň maliýe ministri Temir Saryýewiň maglumatyna görä, wagtlaýyn hökümetiň agzalaryna-da, ýagdaýa görä, pul bölünip berlipdir. Meselem, Topçybek Turgunalyýewe 5 müň, Azymbek Beknazarowa 120 müň, Ömürbek Tekebaýewe 20 müň, LTR telekanalyna 10 müň dollar.

Parlamentde “Ata-Meken” fraksiýasynyň başlygy, Wagtlaýyn hökümetiň agzasy Ömürbek Tekebaýew öz alan 20 müň dollar puly barada hasabat berdi. Onuň sözlerine görä, 20 müň dollar Oşdaky we Jalalabatdaky dawa-jenjeli ýatyrmak işinde ulanylypdyr. Ol 20 müň dollaryň sarp edilişi barada Temir Saryýewe hasabat beripdir.

Oşuň gubernatorynyň orunbasary Taalaý Zakyrow Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna beren interwýusynda şol günler özleriniň býujetine köp pullaryň gelip düşendigini tassyklady. Emma pullaryň umumy hasaby we nämelere sarp edilendigi barada anyk aýdyp bilmejekdigini bildirdi.

Jalalabat welaýatynyň gubernatory Bektur Asanowyň sözlerine görä, şol wagtky hökümet agzasy Azymbek Beknazarow regiona 100 müň dollar pul alyp barypdyr: “Şol wagtlar bizde başga pul ýokdy. Biz şol pullary daşdan gelen milisiýa işgärlerini ýatak jaý, iýmit, geýim-gejim bilen üpjün etmäge harçladyk. Biz ol çykdajylar barada doly hasabat berdik”.

Geçen ýylyň maý aýynda Wagtlaýyn hökümetiň agzalary Azymbek Beknazarow bilen Temir Saryýewiň 1 million dollar hakda telefon arkaly gizlin gepleşigi internetde peýda bolupdy. Şonda Wagtlaýyn hökümetiň başlygy Roza Otunbaýewa we beýleki hökümet agzalary beýle uly harajatlaryň günortadaky dawa-jenjeli ýatyrmaga sarp edilendigini aýdypdy.

Sekiz aýdan soň, ozal jemgyýetçilik üçin gizlin bolan millionlaryň ykbaly assa-ýuwaşdan aýdyňlaşyp başlana meňzeýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG