Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Alban oppozisiýasy ýene protest geçirmekçi


Alban oppozisiýasy täze protest geçirmäge çagyrdy.

Oppozisiýadaky Sosial partiýanyň lideri Ýedi Rama anna güni, hökümet güýçleri bilen çaknyşykdan bir hepde soň adamlary parahatçylykly demonstrasiýa gelmäge çagyrdy.

Olaryň hökümeti korrupsiýada aýyplap geçiren protestinde polisiýa bilen çaknyşyk bolup, 3 adam ölüp, 150-den gowrak adam ýaralanypdy.

Premýer-ministr Sali Berişanyň demokratlary üçünji gün zorluga garşy ýygnanyşyk geçirmekçi.

Birleşen Ştatlar we ÝB taraplaryň ikisini hem asudalyga, zorlukdan saklanmaga hem syýasy liderleri oňuşjak bolmaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG