Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl derňewi gämi reýdi kanuny diýýär


Ysraýyl gabawyny böwsüp, Palestina ýük eltmäge synanyşan gämä geçirilen reýd baradaky derňew ysraýyl güýçleri kanun esasynda hereket etdi diýen netijä geldi.

Gämä edilen reýd mahalynda onuň üstünde dokuz aktiwist öldürilipdi.

Ysraýylyň derňew komissiýasy 31-nji maýda Türkiýäniň «Mawy Marmara» gämisine geçirilen reýdiň halkara kanunlaryna laýyk gelýändigini, halkara aktiwistleriniň Ysraýylyň Gaza gabawyny bozmaga hakynyň ýokdugyny aýtdy.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Ysraýyl derňewiniň gelen netijesini ret etdi we onuň özi üçin ynamdarlygynyň ýokdugyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG