Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ýadro gepleşikleri üçin açykdygyny aýdýar


Eýran dünýäniň alty uly döwleti bilen öz ýadro programmasy baradaky gepleşikleri dowam etdirmäge açykdygyny aýdýar.

Prezident Mahmut Ahmedinejad «eger beýleki tarap adalata, kanuna we hormat-sylaga berlen bolsa, geljekki gepleşiklerde oňyn netijeleri gazanyp boljagyna umyt baglap biler» diýdi.

Ahmedinejad bu sözleri şol dünýä döwletleri Stambulda geçirilen iki günlük gepleşikleriň netijesinden lapykeçlik bildirenlerinden soň aýtdy.

Anna hem şenbe günleri Stambulda Eýran bilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik bäş agzasynyň we Germaniýanyň arasynda geçirilen gepleşikler netijesiz soňlandy.
XS
SM
MD
LG