Sepleriň elýeterliligi

Al-Kaýda Yrakdaky gyrgynçylygy öz üstüne alýar


Al-Kaýdanyň Yrakdaky söweş topary geçen hepde Bagdadyň demirgazygynda bolan tapgyrlaýyn kast ediş hüjümleriniň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Janyndan geçen bombaçylaryň amala aşyran hüjümlerinde 60-dan gowrak adam öldi.

Birleşen Ştatlaryň yslamçy internet saýtlaryna gözegçilik toparynyň maglumatyna görä, Yragyň Yslam döwleti diýilýän Bakubada hem Tikritde bolan hüjümleri Al-Kaýdanyň janyndan geçen bombaçylarynyň amala aşyrandygy aýdylýar.

Bu hüjümlerde Yragyň howpsuzlyk güýçleri we Diýala welaýat geňeşi nyşana alnypdy.
XS
SM
MD
LG