Sepleriň elýeterliligi

Rus dumasynyň deputatynyň kömekçisi ýenjildi


Rus kanunçysy, şeýle-de Döwlet dumasynyň deputatynyň kömekçisi Nikita Slepniow şenbe güni agşamlyk üç sany adam tarapyndan urlup-ýenjildi. Bu habary Slepniowyň Adyl Orsýet partiýasy ýaýratdy.

Partiýanyň beýanatynda Moskwanyň daşyndaky Noginsk şäheriniň ýerli deputaty Slepniowa hüjüm eden adamlaryň ony urup, soňam ýüzüne gözýaşardyjy gaz pürkendikleri aýdylýar.

Slepniowa hüjümden öň birnäçe gezek ölüm haýbaty atylypdyr.

Hüjümçiler oňa urup durkalar «eger dymmasaň, biz seni öldüreris» diýipdirler.
XS
SM
MD
LG