Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan MTS baradaky karary düşündirýär


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy ýurduň aragatnaşyk ministri Owlüýäguly Jumagulyýewiň MTS kompaniýasynyň Türkmenistanda işini togtatmagy bilen bagly ýagdaýy düşündirýän beýanatyny ýaýratdy.

Ol beýanatda MTS-iň türkmen toparygyndaky işiniň 5 ýyllyk şertnama esasynda ýola goýlandygy we bu şertnamanyň möhletiniň geçen ýylyň dekabrynda dolandygy aýdylýar.

Esasy şertnamanyň möhletiniň tamamlanmagy bilen ondan gelip çykýan beýleki ylalaşyklar hem awtomatiki suratda güýjüni ýitirýär diýip, beýanatda aýdylýar.

Şeýle-de ministr türkmen tarapynyň bu ýagdaý barada MTS-i öz wagtynda habardar edendigini we bu kompaniýanyň Türkmenistanda hiç hili ýitgi çekmändigini, tersine, işlän döwründe uly girdeji alandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG