Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň IIM-i žurnalistleriň «urgy sanawyny» tassyk edýär


Pakistanyň içeri işler ministri Rehman Malik Pakistanyň Karaçi şäherinde işleýän paştun žurnalistleriniň «urgy sanawynyň» bardygyny tassyk etdi.

Ministr Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugyna paştun žurnalisti Wali Han Babaryň ölüminde güman edilýän birnäçe adamyň tutulandygyny aýtdy.

Öldürilmeli žurnalistleriň sanawynyň bardygy baradaky gürrüňler Pakistanda eýýäm öňräkden bäri dowam edýär.

Geçen ýyl bu ýurtda 16 žurnalist öldürildi. Žurnalistlere garşy zorluk 2011-nji ýylda hem dowam edýär. Soňky iki hepdede iki žurnalist öldürildi.
XS
SM
MD
LG