Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Tunis: gyrakladylan prezidentiň ýaranlary yzarlanýar


Tunisiň polisiýasy gyrakladylan prezidentiň esasy ýaranlarynyň daşyna geçip, ozalky ýokary derejeli resmileriň ikisini öý tussagy etdi, ýurda belli hususy telestansiýanyň başlygyny bolsa tussag etdi. Olar ýurduň demokratiýa tarap depginini haýallatmaga synanmakda güman edilýär.

Ýekşenbe güni ýurduň garyp sebitinden toplanan ýüzlerçe daýhan paýtagta geldi. Olar geçen ýyl prezident Zine El Abidine Ben Ala garşy protestleriň ilkinji pidasy bolan ýigidiň obadaşlary bolup, «Azatlyk kerwenini» gurnap, paýtagta pyýada geldiler.

Ben Ali halk protestleriniň möwjemegi netijesinde 14-nji ýanwarda ýurtdan gaçypdy.
XS
SM
MD
LG