Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Human Rights Watch” Günbatary adam hukuklary meselesinde 'gorkaklykda' aýyplaýar


Adam hukuklary boýunça aktiwistler özbek prezidenti Yslam Kerimowyň sapary mahalaynda NATO-nyň we ÝB-niň baş edaralarynyň öňünde protest geçirýärler, Brýussel, 24-nji ýanwar, 2011.
Adam hukuklary boýunça aktiwistler özbek prezidenti Yslam Kerimowyň sapary mahalaynda NATO-nyň we ÝB-niň baş edaralarynyň öňünde protest geçirýärler, Brýussel, 24-nji ýanwar, 2011.

Adam hukuklarynyň ýagdaýyna gözegçilik edýän halkara “Human Rights Watch” guramasy Günbatary repressiw režimlere garşy esasy adam hukuklaryny goramak ugrunda ýeterlik basyş etmeýänligi we çekinjeň hereket edýänligi üçin tankytlady.

“Human Rights Watch” guramasy dünýä boýunça geçen ýylky adam hukuklarynyň ýagdaýy bilen baglylykda 648 sahypalyk hasabat ýaýratdy. Bu hasabatda demokratik döwletleriň we guramalaryň repressiw režimlere garşy “ýumşak” çemeleşýändigi nygtalýar.

Şol hasabatda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň repressiw režimlere ýeterlik derejede basyş etmeýändigi aýdylýar. Şeýle-de “Hytaýyň esasy adam hukuklaryny bozmagyna garşy çykmak üçin halkara çekinjeňligiň bardygy” hem nytgalýar.

“Human Rights Watch” Günbataryň käbir ýolbaşçylaryny, şol sanda BMG-niň baş sekretary Ban Ki-muny, ÝB-niň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça baş wekili Katerina Aştony we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamany käbir döwletleriň kanun bozmalaryna ýeterlik üns bermän, has köp gepleşiklere ýykgyn edýändikleri üçin tankytlaýar.

Türkmenistan we Özbegistan

Hasabatda ÝB-niň Türkmenistanyň we Özbegistanyň awtoritar režimlerine garşy mylaýymlyk bilen çemeleşýändigi bellenilýär we ýazgarylýar. ÝB-niň bu iki ýurda “ýaranjaňlyk bilen garaýandygy” nygtalýar. Mundan başga-da, “Adam hukuklary meseleleriniň maslahat edilmejekdigi” sebäpli awtoritar hökümetleriň ýolbaşçylarynyň gepleşikleriň geçirilmegine oňyn garaýandyklary aýdylýar.

Bu hasabatyň ýaýradylmagy Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimowyň Brýussele edýän saparyna gabat geldi.

“Kähalatlarda adam hukuklaryny goramak meseleleriniň hökümet bähbitleri bilen
Soňky birki ýylyň dowamynda at tutmagyň we utandyrmagyň ýerine, gepleşikler we dymmak diplomatiýasy diýilýän ugry saýlamak moda öwrüldi
gapmy-garşy gelmeginiň mümkindigi” hasabatda bellenýär. Şeýle-de “manysyz gepleşikleriň we dereksiz hyzmatdaşlygyň ýollaryny gözlemek tagallalarynyň arkasynda bukulman, olaryň muny mertlik bilen ykrar etmelidikleri” nygtalýar.

“Human Rights Watch” guramasynyň Germaniýadaky edarasynyň aragatnaşyk boýunça başlygy Wenzel Michalski bu hasabat barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: "Soňky birki ýylyň dowamynda at tutmagyň we utandyrmagyň ýerine, gepleşikler we dymmak diplomatiýasy diýilýän ugry saýlamak moda öwrüldi. Biziň pikirimizçe, bu dünýäde adam hukuklarynyň bähbidine däl. Hususan-da, ýapyk gapylaryň aňyrsyndaky gepleşiklerde bu ugurda hiç hili özgerişligiň ýokdugy belli boldy”.

Halkara Human Rights Watch guramasynyň ýaýradan hasabatynda Eýranda metbugat tankytçylaryny gynamagyň we gorkuzmagyň entegem dowam edýändigi, şeýle-de bu ýagdaýlaryň “adam hukuklary boýunça krizisi has-da çuňlaşdyrýandygy” bellenilýär.
XS
SM
MD
LG