Sepleriň elýeterliligi

Karzaý owgan parlamentini üçünji gün açmakçy


Owgan prezidenti Hamid Karzaý özüniň täze deputatlar bilen gapma-garşylygy soňlamak üçin ýurduň parlamentini 26-njy ýanwarda açjagyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, Karzaýyň edarasynyň aýtmagyna görä, tribunal sentýabrda bolan parlament saýlawlarynda boldy diýilýän galplyklary derňemegini dowam etdirer.

Parlament agzalarynyň prezidentiň bu kararyny kabul edip-etmejegi anyk däl.

Karzaý geçen hepde ýörite tribunala derňew üçin has köp wagt bermek maksady bilen parlamenti açmagy bir aý yza süýşürmegi buýrupdy.

Täze saýlanan deputatlar muňa parlament sessiýasyny özleriniň açjaklaryny aýdyp jogap beripdiler.

Şeýle-de olar Karzaýyň ýörite tribunaly ýatyrmagyny soradylar.

Olar bu suduň konstitusiýa ters gelýändigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG