Sepleriň elýeterliligi

HRW hökümetleri hukuk bozujylara ýumşak daramakda aýyplaýar


“Human Rights Watch” guramasy hökümetleriň we halkara guramalarynyň köpüsiniň adam hukuklaryny bozýan döwletlere ýeterlik basyş görkezmeýändigini aýdýar.

Halkara hukuk guramasy bir topar hökümetde, hususan-da Ýewropa Bileleşiginde adam hukuklaryny hormatlamak üçin basyşyň ýerine «dialog», «hyzmatdaşlyk» diýen ýaly ýumşak çemeleşmäniň getirilýändigini aýdýar.

Bu pikir HRW-niň 2011-nji ýyldaky Dünýä hasabatynda aýdylýar.

Bu hasabat, adam hukuklarynyň goragynda durup bilmezligiň mysaly hökmünde, ÝB-niň Özbegistan we Türkmenistan babatdaky ýaranjaň çemeleşmesini nygtap görkezýär.
XS
SM
MD
LG