Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Ýylyň norwegiýalysy» Norwegiýadan kowuldy


Orsýetli bosgun, özüniň bikanun emigrant durmuşy barada kitap ýazandan soň «Ýylyň raýaty» diýen ada eýe bolan Madina Salamowa düýn Norwegiýadan çykaryldy. Ol “Aeroflotuň” Moskwanyň Şeremetowa aeroportuna uçýan uçaryna mündürildi.

25 ýaşly Salamowa Norwegiýada 2004-nji ýylda maşgalasynyň soňky bosgunlyk haýyşy ret edileli bäri bikanun ýaşaýardy.

Ol Mariýe Ameli lakamy bilen «Bikanun norwegiýaly» diýen kitap ýazdy.

Ol geçen aý norweg žurnaly tarapyndan 2010-njy ýyl boýunça «Ýylyň raýaty» diýlen ada mynasyp görüldi.

Müňlerçe norwegiýaly häkimiýetlerden onuň ýurtdan çykarylmazlygyny haýyş etdi.

Ol ilkinji gezek ýanwar aýynda tussag edildi.
XS
SM
MD
LG