Sepleriň elýeterliligi

Moskwa aeroportuna edilen hüjümden soň howpsuzlyk berkidildi


Paýtagtda aeroporta edilen hüjüm netijesinde 35 adam ölüp, 150-den gowrak adam ýaralanandan soň Moskwada howpsuzlyk berkidildi.

Prezident Dmitriý Medwedew “Domodedowa” aeroportunda bolan partlamany terror hüjümi atlandyrdy we günäkärleri tapmagy wada berdi.

Resmiler partlamanyň “Domodedowa” aeroportunyň halkara ýolagçylar zalynda bolandygyny we güman edilýän terrorçylyk akty boýunça derňew işiniň açylandygyny aýdýarlar.

Habarlarda bombanyň goşlaryň alynýan ýerinde, janyndan geçen kast ediji tarapyndan partladylana çalym edýändigi aýdylýar.

Güman edilýän bombaçynyň gelip gonan uçardan düşendigi ýa-da ýolagçylaryň geliş zalyna Moskwadan barandygy anyk däl.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady, ýöne güman Demirgazyk Kawkaz sebitinden bolan jeňçileriň üstüne düşjege çalym edýär.
XS
SM
MD
LG