Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: aýylganç partlama




Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew şu gün “Wedomosti” gazetine beren interwýusynda howpsuzlyk çärelerini görmändigi üçin “Domodedowo” aeroportunyň bu ugurdan ýolbaşçylarynyň jogapkärçilige çekiljekdigini aýtdy.

Orsýetiň Saglygy saklaýyş ministrliginiň soňky maglumatyna görä, partlamada ýaralanan 110 adamdan 43-niň ýagdaýy agyr. Ölenleriň sany 35. Olaryň ýaşy 17-65 aralygynda. Ölenleriň arasynda daşary ýurtlularyň kändigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosy jebir çekenleriň arasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň graždanlarynyň barlygy ýa-da ýoklugy barada maglumat almak üçin Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň “Domodedowodaky” ýörite merkezine jaň etdi. Olaryň maglumatyna görä, ejir çekenleriň haýsy regiondandygy däl-de, häzirlikçe diňe ady we familiýasy anyklanylýar.

“Domodedowodaky” terrorçylyk hüjümi we ondan ejir çekenler barada Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky habarçysy Umyt Bobomatow şeýle gürrüň berýär: “Bomba düýn sagat 16.37-de, Moskwa-Mahaçgala reýsi uçandan soň, goşlaryň alynýan ýerinde janyndan geçen tarapyndan partladyldy. Ilki janyndan geçen kast edijinin aýaldygy aýdyldy. Emma derňewleriň netijesine görä, onuň 30-35 ýaşyndaky Demirgazyk Kawkazly ýigitdigi habar berildi”.

Bobomatow bu terrorçylyk hüjüminiň boljakdygy barada Orsýetiň hukuk tertibini goraýjy organlarynyň önünden bilendigini, emma hüjümiň öňüni almaga ýetişmändiklerini sözüniň üstüne goşdy: “Kimdir biri jaň edip aeroportda terrorçylyk hüjümiň boljakdygyny aýdypdyr. Operatiw topar şol bada aeroporta baryp, terrorçy dört adamy yzarlap tapýança, terrorçylaryň biri özüni partladypdyr. Terrorçylyk hüjümden soň, galan üç adam aeroporty terk edipdirler”.

Betbagtçylyk hemmä deň

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Umyt Babamatowyň sözlerine görä, ejir çekenleriň haýsy döwletiň raýatlarydygy barasynda anyk maglumat berilmeýär: “Emma men şäheriň 7-nji keselhanasynda boldum. Keselhana getirilenleriň arasynda dört adamyň familiýasy merkezi aziýala menzeýär”.

Babamatow partlamadan heläk bolanlaryň arasynda Täjigistanyň raýatlarynyň köpräk bolmagy mümkin diýip, çak edýär. Sebäbi partlama bolan ýeriň golaýynda Moskwa-Duşanbe reýsine registrasiýa başlanypdyr.

Soňky maglumatlara görä, aeroportdaky partlamadan helak bolan 35 adamdan 25 sanysynyň kimlerdigi anyklanypdyr.

Tajigistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň başlygy Dawlat Nazriniň sözlerine görä, terrorçylyk hüjüminden Täjigistanyň graždanlaryndan bir adam ölup, 12 adam ýaralanypdyr. Emma Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyndan alnan soňky maglumata görä, iki adam ölüp, 13 adam-da ýaralanypdyr.

Heläk bolanlaryň arasynda Özbegistandan bir adamynyň, ýagny 45 ýaşly Urikbaý Rahmetowiç Mumbetowyň, Gyrgyzystandan hem 23 ýaşly Myrat Haknazarow diýen adamynyň bardygy aýdylýar. Heläk bolanlaryň arasynda Turkmenistanyň ýa-da Gazagystanyň graždanlaryndan bolanlygy hakda hiç hili maglumat ýok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG