Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Mary welaýatyna sapar etdi


Sişenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Mary welaýatyna sapar edip, welaýatda täze guruljak ammiak we karbamid zawodlarynyň gurluşygynyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşdy.

Bahasy 1 milliard 100 million dollara durjak bu zawodlaryň gurluşygy Ýaponiýanyň we Türkiýäniň kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylar.

Marydaky bu zawodlar doly güýjünde işläp başlanda, olaryň ýylda 400 müň tonna ammiak we 640 müň tonna karbamid öndürmäge ukyply boljakdyklary habar berilýär.

Türkmenistanyň resmi habar agentliginiň maglumatyna görä, Mary welaýatyndaky bu zawodlaryň işe girmegi bilen, olarda 900 töweregi iş orny peýda bolar.
XS
SM
MD
LG