Sepleriň elýeterliligi

Medwedew hüjümi gurnaýjylaryň berk jezalandyryljakdygyny aýtdy


Sişenbe güni Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Moskwanyň «Domodedowo» aeroportunda amala aşyrylan hüjümi gurnaýjylaryň berk jezalandyryljakdygyny aýdyp çykyş etdi.

«Domodedowo» aeroportunda düýn giçlik amala aşyrylan bu hüjümiň netijesinde 35 adam ölüp, 150-den gowrak adam hem ýaralandy.

Bu waka bilen baglanyşykly eden çykyşynda prezident Medwedew terror hüjümini gurnaýjylaryň anyklanyljakdygyny we ele salynjakdygyny nygtady.

Mundan daşary, ol howpsuzlyk çärelerini talabalaýyk ýola goýmanlykda «Domodedowo» aeroportunyň ýolbaşçylaryny hem tankyt etdi.

«Domodedowo» aeroportunda amala aşyrylan düýnki partlamanyň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG