Sepleriň elýeterliligi

Kosowanyň premýerine günä bildirýän hasabat parlamentde


Sişenbe güni Kosowanyň premýer-ministri Haşim Taçini guramaçylykly jenaýatçylyga dahyllylykda aýyplaýan ýörite hasabat Ýewropa Geňeşiniň Parlament Assambleýasynyň garamagyna berildi.

Bu hasabat Ýewropa Geňeşiniň şweýsariýaly senatory Dik Marti tarapyndan taýýarlanyldy.

Hasabatda 1990-nji ýyllaryň ahyrynda Kosowanyň Serbiýa garşy partizançylykly urşy döwründe we ondan soňraky ýyllarda-da Kosowanyň häzirki premýer-ministri Haşim Taçiniň guramaçylykly jenaýat toparyna ýolbaşçylyk edendigi aýdylýar.

Taçiniň toparyna bildirilýän aýyplamalaryň hatarynda öz garşydaşlaryny öldürmek, neşe gaçakçylygyny alyp barmak we öldürilen serbleriň beden organlaryny gaçakçylyk ýoly bilen satmak ýaly jenaýat işleri hem bar.

Kosowanyň hökümeti bu aýyplamalary «toslama» diýip atlandyryp, olary ret edýär.
XS
SM
MD
LG