Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň oppozisiýasy halky demonstrasiýa çagyrýar


Ýakynda Tunisde bolup geçen halk gozgalaňyndan ruhlanan Müsüriň oppozision toparlary sişenbe güni ýurduň halkyny köpçülikleýin demonstrasiýalara çykmaklyga çagyrdylar.

Müsüriň oppozision toparlary ýurtda ykdysady we syýasy reformalaryň geçirilmegine aýak direýärler.

Ýurduň oppozisiýasy «Facebook» internet saýty arkaly geçirilen pikir soraýyşlyklaryň netijesinde ýurtda 80 müňden gowrak adamyň protest demonstrasiýalaryna çykmaga taýýardygynyň anyklanandygyny aýdýar.

Müsüriň häkimiýetleri oppozisiýanyň aktiwistleriniň hökümete garşy demonstrasiýalara çykan halatynda, olaryň tussag ediljekdikleri bilen duýduryş berdiler.
XS
SM
MD
LG