Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda söweşiň gazaply boljagy çaklanýar


Owganystandaky koalisiýa güýçleriniň serkerdebaşysy amerikan ýolbaşçylygyndaky güýçleriň 2010-njy ýylda Talybana garşy söweşde “täsirli progres” gazanandyklaryny aýtdy, ýöne bu ýyl söweşiň has gazaply boljagyny çaklady.

Halkara Howpsuzlyk Kömek güýçleriniň beýanatynda amerikan generaly Deýwid Petreusyň koalisiýa güýçleri 2010-njy ýylda Owganystanyň köp ýerinde howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmasyny togtatdy diýendigi aýdylýar.

Petreus koalisiýa we owgan güýçleri Talybanyň direg bazalary bolan Kandagar hem Helmand welýatlarynda “kyn gazanylan progres” etdiler we ýurt boýunça orta derejeli pitne liderlerine uly ýitgi çekdirdiler diýdi.

Geçen ýyl owgan konfliktinde jemi 711 halkara esgeri öldürildi. Bu Talyban režimi 2001-nji ýylyň ahyrynda agdarylaly bäri iň ganly döwür boldy.
XS
SM
MD
LG