Sepleriň elýeterliligi

Medwedew terrorizm Orsýete iň çynlakaý howp diýýär


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew terrorizmiň Orsýet üçin iň çynlakaý howpdugyny aýtdy.

Ol bu beýanaty Moskwanyň “Domodedowo” aeroportunda bolan partlamada 35 adam ölüp, 150 çemesi adam ýaralanandan soň etdi. Bu hüjüm janyndan geçen bombaçy tarapyndan amala aşyrylandyr öýdülýär.

Medwedew häkimiýetleriň bu jenaýaty eden garakçylaryň şahsyýetini hökman anyklajakdygyny we olaryň sud jogapkärçiligine çekiljekdigini aýtdy.

Şeýle-de ol Baş prokuraturanyň we Orsýetiň derňew komitetiniň aeroportuň howpsuzlyk işgärleriniň bu jenaýatdaky jogapkärçiligini hem derňejekdiklerini aýtdy.

Aeroportuň howpsuzlyk işgärleri güman edilýän bombaçynyň aeroporta bildirmän girip bilmegine ýol bermekde aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG