Sepleriň elýeterliligi

Müsürdäki hökümete garşy protestlerde üç adam öldi


Müsürde prezident Hüsni Mübäregiň 30 ýyllyk hökmürowanlygynyň soňlanmagyny talap edýän müňlerçe demonstrantyň protestleri mahalynda azyndan üç adamyň ölendigi aýdylýar.

Tunisiň prezidentini häkimiýetden agdaran rewolýusiýadan ruhlanan protestçiler Kairde, Aleksandriýada we beýleki şäherlerde 20 mün ýa-da ondan hem ýöp adam ýygnanan demonstrasiýalarda “Tunis”, “Tunis” diýip gygyryşdylar.

Polisiýa özlerine tarap çüýşe we daş zyňýan protestçilere garşy göz ýaşardyjy gazlary, suw toplaryny ulandy.

Müsürliler hem tunislileri köçä çakaran zatlardan, azyk harytlarynyň bahasynyň galmagyndan, garyplykdan, işsizlikden we jemgyýetçilik protestlerini çalt hem gazaply basyp ýatyrýan awtoritar dolandyryşdan şikaýat edýärler.
XS
SM
MD
LG