Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama ýurt “Sputnik” pursaty bilen ýüzbe-ýüz diýýär


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama dünýäniň iň uly ykdysadyýetiniň global derejede has ýaryşa ukyply bolmagyna kömek etmek üçin ýurdy ylmy-barlaglara, bilime we infrastraktura has köp maýa goýmaga çagyrdy.

Prezident Obama özüniň amerikan Kongressine eden ikinji ýüzlenmesinde ýurt “Sputnik” pursaty bilen ýüzbe-ýüz dur diýdi. Ol bu sözleri 1950-nji ýyllarda Sowet Soýuzy bilen kosmos bäsleşigini nazara alyp aýtdy.

“Ýarym asyr ozal sowetler kosmosa Sputnik atly hemrany ýollap, bizden öňe saýlandylar, bizde şo wagt olary Aýa çykyp ýeňjegimiz barada hiç bir pikir ýokdy” diýip, Obama aýtdy.

Ol şol wagt ylmyň beýle derejä ýetmändigini, NASA-nyň bolsa entek döredilmändigini ýatlady.

“Emma ylmy barlaglara we bilime gowy maýa goýlandan soň biz diňe sowetlerden ozup geçmedik, biz täze senagatlary we millionlap täze iş ýerlerini döreden täzeçilik tolkunynyň jylawyny ýazdyrdyk. Bu biziň neslimiziň Sputnik pursaty” diýip, amerikan prezidenti Kongresse ikinji ýüzlenmesinde aýtdy.
XS
SM
MD
LG