Sepleriň elýeterliligi

WTO agza bolmak bähbitlimi?


 BSG-niň esasy şertleriniň biri – söwdadaky bahalary tertibe salmakdan ybarat.

BSG-niň esasy şertleriniň biri – söwdadaky bahalary tertibe salmakdan ybarat.

Ýakynda Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barroso Türkmenistany WTO (Bütindünýä söwda guramasyna) agza bolmak üçin arza bermäge çagyrdy.

Häzir Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) 153 agzasy bar. Olaryň arasynda öňki SSSR-e giren döwletlerden Gyrgyzystan, Gürjüstan, Ukraina, Moldowa, Ermenistan, Litwa, Latwiýa, Estoniýa we agza bolmak üçin arza berenleriň arasynda Orsýet, Gazagystan, Özbegistan, Belarus, Täjigistan we Azerbaýjan bar.

Orsýetli ykdysatçy, Orsýet Dumasynyň maliýe bazary boýunça komitetiniň agzasy Pawel Medwedew Azatlyk Radiosynyň Rus gullugy bilen söhbetdeşlikde Bütindünýä söwda guramasyna girmekligiň bähbitli tarapy barada aýdyp, bu guramanyň agzalarynda öz bähbitlerini goramak mümkinçiliginiň döreýandigini belleýär.

“Mysal üçin, ABŞ öz polat öndürýän senagatyny goramak üçin daşary ýurtlardan import edilýän polada goşmaça gümrük tölegini girizende, BSG-ä girýän ýurtlar muňa garşy çykyp, öz harydyny öňki pes tölegler bilen ABŞ-a eksport edip bildiler. BSG-ä girmeýän ýurtlar bolsa nobata durmaly boldular” diýip, bilermen belleýär.

Bu gurama agza ýurtlaryň öňünde özara söwdada möçber we beýleki çäklendirmeleri ulanmazlyk, söwda syýasatynda aç-açanlygy ornaşdyrmak, söwda jedellerinde maslahat we gepleşik geçirmek usulyna ulanmagy rugsat etmek ýaly şertler goýulýar. Şeýle-de bu gurama agza bolan ýurtlar intellektual eýeçilik baradaky ylalaşygy doly berjaý etmeli.

Bolgariýada ýaşaýan türkmen ykdysatçysy Annadurdy Hajyýew bu düzgünleri ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanda entek gaty köp reformalary geçirmegiň zerurdygyny aýdýar: “Ýagny, bu gurama agza bolan ýurtda öndürilýän harytlar dünýä bazaryndaky güýçli bäsleşikde ýeňmäge ukyply bolmaly. Munuň üçin bolsa ýurtda ylmy ösdürmeli, önümçilikde soňky tehnologiýalary ulanyp, ýokary hilli harydy arzan bahadan satmaga ukyply bolmaly”.

BSG-niň esasy şertleriniň biri – söwdadaky bahalary tertibe salmakdan ybarat. Bu bolsa hökümet tarapyndan belli bir pudaklara goýberilýän dotasiýalary azaldyp, soňabaka olaryň doly ýatyrylmagyny aňladýar. Ýagny, bazarda önümleriň görnüşi köpelip, dotasiýalar arkaly däl-de, basleşik arkaly bahalaryň pes bolmagyny gazanmaly, bu bolsa öz nobatynda hökümet monopoliýasynyň ýatyrylmagyna getirmeli.

Orsýet mysaly

“Mysal üçin, Orsýetde bu gurama girmek üçin zerur bolan şertler ýerine ýetirilse, onda ýurduň içerki bazarynda daşary ýurtlarda öndürilýän harytlaryň görnüşleri artyp, ýurduň köp pudaklary şeýle bäsleşige döz gelip bilmez” diýip, Orsýetiň ykdysadyýet boýunça ministriniň öňki orunbasary Iwan Starikow Azatlyk Radiosynyň Rus gullugy bilen söhbetdeşlikde belledi.

“Orsýetde häzir daşary ýurtda öndürilýän maşynlara gümrük tölegi 30%-e barabar bolsa, bu ýurt BSG-ä agza bolansoň, bu tölegleri iki esse kemeltmeli bolar” diýip, bilermen aýdýar. “Şeýle ýagadaýda bolsa daşary ýurt kysymly maşynlaryň bahasy pese düşer, netijede ýurduň içinde öndürilýän ulaglar, çäre görülmese, şeýle bäsleşige çydap bilmezler”.

Gazagystan hem bu gurama girmek üçin tagalla edip gelýär. Ykdysatçy Annadurdy Hajyýew Bolgariýa, Wengriýa ýaly ýurtlarda, olar BSG-ä girensoň bolşy ýaly, Gazagystanda hem BSG-ä girmeklik oba hojalygynyň çökgünlige uçramagyna getirmegi ahmal diýýär. Sebäbi, bilermeniň nygtamagyna görä, beýleki ýurtlardan geljek harytlaryň hili ýokary bolup, gazak harytlarynyň bäsleşikde yza galmagy mümkin.

Türkmenistandaky ýagadaýy bolsa ykdysadyýetiň liberallaşdyrylmagy meselesinde, Orsýetiňki ýa Gazagystanyňky bilen entek deňeşdirerden ir diýip, bilermen aýdýar. Ol Türkmenistanyň hususy pudagynyň gowşakdygyny, ýurtda öndürilýän harytlaryň köpüsiniň konkurensiýada ýeňip bilmejekdigini öňe sürýär.

BSG-niň düzgüniniň esasynda erkin söwda ýatyr. Erkin söwda bolsa graždanlaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrýar, girdejilerini artdyrýar, ýurda getirilýän harytlaryň görnüşi artyp, basleşik döreýär. Basleşik bolan ýerde bahalar pese düşýär, satyn alyjylaryň hil meselesinde saýlamak mümkinçiligi köpelýär. Bahalaryň galmagyna köp halatda monopoliýalar sebäp bolýar. Türkmenistanyň ykdysadyýetinde bolsa döwlet monopoliýasy uly rol oýnaýar.

“Türkmen häkimiýetleri üçin bolsa bu gurama girmäge isleg bildirmegiň özi hem ykdysadyýetiň hemme pugaklarynda liberallaşmak ugrunda geçirilýän reformalaryň tizleşdirilmegini, bazar ykdysadyýetiniň mehanizimleriniň ýurtda ornaşdyrylmagyny aňladar diýip, Türkmenistanyň maliýe pudagynda uzak wagtlap işlän, häzir Bolgariýada ýaşaýan türkmen ykdysatçysy Annadurdy Hajyýew belleýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG