Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Sünnüler “Hizbullahyň” täsirine garşy çykýarlar


Güýçli demonstrasiýalar Beýrutyň merkezinde-de geçirildi, 25-nji ýanwar.

Güýçli demonstrasiýalar Beýrutyň merkezinde-de geçirildi, 25-nji ýanwar.

Liwanda täze premýer-ministriň bellenmegi ýurduň sünnüleriniň arasynda gahar-gazap döretdi we protest çykyşlarynyň geçirilmegine sebäp boldy.

Geçen hepdede “Hizbullah” toparyna agza ministrler tarapyndan terk edilen liwan hökümetiniň ýolbaşçysy Saad Haririniň ornuna şaýylar tarapyndan goldanýan sünni milliarder biznesmen Nijab Mikati bellenýär.

Güýçli demonstrasiýalar Beýrutyň merkezinde we sünnüleriň mekany Tripolide geçirildi. Bu protestlere iki günläp dowam eden parlament konsultasiýalaryndan soň peremýer-ministr wezipesine milliarder Nijap Mikatiniň bellenýanliginiň yglan edilmegi sebäp boldy.

Käbir protestler zorluga getirdi. “Al Jazeera” tazelikler telekanalynyň awtoulagynyň üstüne hüjüm edilenligi ençeme telekanallarda görkezildi. Protestçiler öz öňe süren şygarlarynda Saad Harirä goldaw bildirdiler.

BMG-niň sud derňewi

Günbataryň we Saud Arabystanynyň hökümetleri tarapyndan goldanan Saad Haririniň hökümeti geçen hepdede “Hizbullah” toparynyň agzalary bolan şaýy ministrler tarapyndan terk edilip, dargapdy. Şaýylar bu aksiýasyny Saad Haririniň 2005-nji ýylda janyna kast edilen atasy Rafik Haririniň ölümini derňemek boýunça BMG-niň çykaran kararyny ret etmekden boýun gaçyrmagyna jogap hökmünde amala aşyrypdylar.

Bu sud derňewiniň yglan ediljek jemlerinde “Hizbullah” toparynyň agzalaryna garşy aýyplamalaryň hem öňe sürülmegine garaşylýar. Eýran we Siriýa tarapyndan goldanýan “Hizbullah” topary BMG-niň derňewini ýazgarýar we ony ABŞ we Ysraýyl tarapyndan amala aşyrylýan syýasylaşdyrylan çäre diýip atlandyrýar.

Sünnüler “Hizbullahyň” agzlarynyň Liwanyň hökümetini terk etmek boýunça ädimine, bu syýasy toparyň öz islegine görä, täze hökümeti düzmek maksady bilen baglanyşdyrýarlar.

Garward Uniwersitetini tamamlan 55 ýaşly Nijab Mikati ýurtda tertip-düzgüni saklamaga çagyrdy.

Şaýylaryň goldaýan sünni wekili

Liwanyň syýasy konfessional sistemasynyň talaplaryna laýyklykda, premýer-ministr wezipesine sünnüler, parlamentiň ýolbaşysy wezipesine şaýylar, prezident wezipesine bolsa hristianlar bellenýär. Mikati sünni bolsa-da, ol “Hezbollanyň” goldawyna daýanýar diýlip, güman edilýär.

Karnegi Merkeziniň Beýrutdaky Ýakyn Gündogar edarasynyň başlygy Pol Salemiň bellemegine görä, ýurduň sünni jemgyýeti özüniň häkimiýet başyndan gysylyp çykarylýanlygyny duýýar. Üstesine-de, “Hizbullah” toparynyň Liwanyň hökümetiniň BMG bilen gatnaşyklaryny bes etmek boýunça edýän synanyşyklary hem sünnüleriň gahar-gazabyny güýçlendirýär. Bu bolsa Liwanyň sünni we şaýy jemgyýetçilikleriniň arasyndaky gapma-garşylyklaryň möwç almagyna getirýär.

Pol Salemiň pikirine görä, “Hizbullah” toparynyň Liwanda has uly häkimiýete eýe bolmagy ýurduň häkimiýet deňagramlylygyny üýtgedip biler we ýurtda 2005-nji ýyla çenli höküm süren syýasy ýagdaýlaryň dolanyp gelmegine şert döreder. Şol döwürde Liwan “Hizbullah” toparynyň, Siriýanyň we Eýranyň täsiri astynda bolupdy.

Karnegi merkeziniň Beýrutdaky Ýakyn Gündogar edarasynyň başlygy Pol Salemiň sözlerine görä, Haririniň hökümetiň “Hizbullah” garaşsyz bolmagy we hakyky syýasy häkimiýet organyna öwrülmegi ugrunda eden hereketleri hökümetiň dargamagyna öz täsirini ýetirdi.

Nijab Mikatiniň premýer-ministr wezipesine bellenmegi Liwanyň parlamentiniň 128 agzasyndan 68-si tarapyndan goldandy. Mikatini goldanlaryň biri Liwanyň etno-konfessional “Druzlar” toparynyň lideri Walid Jumblatt boldy. Ýakynda “Hizbullah” topary we Siriýa Jumblatta öz goldawyny bildiripdi.
XS
SM
MD
LG