Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Medwedewe gynanç hatyny iberdi


Sişenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewe Moskwanyň «Domodedowo» aeroportynda bolan terror hüjüminde çekilen adam ýitgileri üçin öz gynanjyny bildirdi.

Orsýetiň prezidentiniň adyna ýollanan bu gynanç notasynda «Türkmenistan terrorizmiň we ekstremizmiň islendik bir görnüşdäki ýüze çykmalaryny örän aýgytly ýazgarmak bilen bir hatarda, dünýä jemgyýetçiliginiň bu belany ýok etmek ugrundaky göreşini doly goldaýar» diýlip bellenipdir.

Öz hatynda türkmen prezidenti Orsýetiň prezidentine durnuklylyk we sabyr-kanagat dilemek bilen, terror hüjüminde ejir çekenleriň dogan-garyndaşlaryna öz duýgudaşlygyny bildiripdir.
XS
SM
MD
LG