Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde ýörite matam güni bellenilip geçildi


Çarşenbe güni Orsýetde hepdäniň duşenbe güni Moskwanyň «Domodedowo» aeroportunda amala aşyrylan hüjümiň pidalarynyň hatyrasyna ýörite matam güni bellenilip geçildi.

Hepdäniň duşenbe güni giçlik «Domodedowo» aeroportunda amala aşyrylan şol hüjümde 35 adam ölüp, 150-den gowrak adam ýaralanypdy.

Orsýetiň häkimiýetleri eýýäm hemme ölenleriň şahsyýetiniň anyklanandygyny we diňe partlamany amala aşyran hüjümçiniň şahsyýetiniň anyklanmandygyny habar berdiler.

Çarşenbe güni Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew «Domodedowo» aeroportynda howpsuzlyk çärelerini talabalaýyk ýola goýmanlykda aýyplap, Içeri işler ministrliginiň transport bolüminiň Merkezi Federal okrugy boýunça başlygy Andreý Alekseýewi wezipesinden boşatdy.

Orsýetiň içeri işler ministri Raşid Nurgaliýew «Domodedowo» aeroportunyň polisiýa bölüminiň başlygynyň we onuň iki sany orunbasarynyň hem wezipelerinden boşadylandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG