Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda täze parlamentiň inagurasiýa sessiýasy açyldy


Çarşenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý deputatlar bilen uzaga çeken dawalardan soň, ýurduň täze saýlanan parlamentiniň ilkinji inagurasiýa sessiýasyny açdy.

Geçen ýylan sentýabrynda geçirilen parlament saýlawlaryndan bäri bu saýlawlarda galplyklara ýol berlendigi barada bildirilýän aýyplamalar sebäpli täze saýlanan parlamentiň inagurasiýa sessiýasy yza süýşürilip gelnipdi.

Sişenbe güni Karzaýyň prezident administrasiýasy parlament saýlawlarynda galplyklaryň amala aşyrylandygy barada bildirilýän aýyplamalar boýunça derňew işleriniň barybir dowam etdiriljekdigini mälim etdi.

Geçen hepde prezident Karzaý şu mesele boýunça derňewleriň doly amala aşyrylmagy üçin täze parlamentiň açylyş dabarasyny bir aý yza süýşürmek barada karar çykarypdy. Parlamentiň deputatlary bolsa muňa protest bildirip, parlamentiň sessiýasyna özbaşdak başlajakdyklary bilen haýbat atypdylar.
XS
SM
MD
LG