Sepleriň elýeterliligi

Müsür polisiýasy protestçilere geçirimlilik edilmez diýýär


Müsürde sişenbe güni geçirilen uly gerimdäki protest çykyşlarynyň yzy bilen, ýurduň polisiýasy indi protestçilere geçirimlilik edilmejekdigini we olaryň tussag ediljekdigini duýduryp, beýanat etdi.

Hepdäniň sişenbe güni Müsüriň dürli şäherlerinde on müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilen demonstrasiýalarda protestçiler prezident Hosni Mübäregiň hökümetiniň alyp barýan syýasatyna garşy protest bildirdiler.

Bu demonstrasiýalaryň barşynda polisiýa bilen protestçileriň arasynda ýüz beren çaknyşyklarda jemi üç protestçi we bir polisiýa işgäri öldi.
XS
SM
MD
LG