Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýetiň Federasiýa Geňeşi START ylalaşygyny tassyklady


Çarşenbe güni Orsýetiň parlamentiniň ýokarky palatasy, ýagny, Federasiýa Geňeşi Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň ýadro ýaraglaryny azaltmak baradaky ylalaşygyň taslamasyny gutarnykly tassyklady.

Sişenbe güni parlamentiň aşaky palatasy, ýagny, Döwlet Dumasy hem bu ylalaşygyň taslamasy bilen bagly geçirilen üçülenji ses berişlikde taslamany tassyklap, ony Federasiýa Geňeşiniň garamagyna tabşyrypdy.

Birleşen Ştatlaryň Senaty bu ylalaşygyň taslamasyny şu geçen ýylyň dekabrynda tassyklapdy.

Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň ýadro ýaraglaryny azaltagy baradaky täze ylalaşyga prezident Barak Obama bilen prezident Dmitriý Medwedew 2010-njy ýylyň 8-nji aprelinde Pragada gol çekipdiler.

Bu ylalaşyk taraplaryň ikisiniň-de ozalky bar bolan ýadro ýaraglarynyň sanyny 30 prosent azaltmaklygyny göz öňünde tutýar.
XS
SM
MD
LG