Sepleriň elýeterliligi

Rep: kim ýigrenýär, kim söýýär?


Şirmuhammet Tahyr: "Meniň pikirimçe, rep aýdymlarynyň Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda-da geljegi gowy we rep hökman öser".

Şirmuhammet Tahyr: "Meniň pikirimçe, rep aýdymlarynyň Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda-da geljegi gowy we rep hökman öser".

Golaýda Azatlyk Radiosyna hat ýollan bir türkmenistanly okyjy rep aýdym-saz sungaty barada gürrüň açmaga wagt ýetendigini aýtdy. Azatlyk Radiosy onuň hatyny göz öňünde tutup, bu barada ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Eýse, rep näme? Bu “Hip-hop” medeni akymynyň bir görnüşi bolup, “Rhytm and Poem” diýen sözleriň baş harplaryndan ýasalan. Ol türkmençe “Ritm hem şygyr“ ýa-da “ritmik şygyr“ diýen manyny aňladýar. Rep “Rhytmic American Poetry” sözleriniň baş harpyndan ýasalan diýýänlerem bar.

Nähilem bolsa, rep “sazlaşykly hereketdäki şygyr” diýen manyny aňladýar. Ol öz köklerini geçen asyryň 70-nji ýyllaryndan alyp gaýdýar. Ilkinji gezek ABŞ-nyň çet-gyralarynda ýaşaýan garaýagyzlaryň arasynda döräpdir. Bu kem-kemden ýaýrap, 1979-njy ýyldan aýratyn ugur hökmünde ykrar edilipdir. Häzir ol bütin dünýä ýaýrady.

Rep: kim ýigrenýär, kim söýýär?

Şahyr Şiraly. Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry. Halkara Kurt Tuholsky baýragynyň eýesi: “Rep äheňinde aýdylýan dikdurma aýdymlar türkmen sungatynyň böwründe dörän agyr bir kesel bolaýmasyn?!

H.Hally: Meniň gürrüňdeşim Şiraly Nurmyradow, ol Halkara Kurt Tuholsky baýragynyň eýesi.

Şiraly: Özüm-ä, dogrusy, dutar bilen gyjagy bir gyra süýşürmegi – bagtly ýaşap oturan maşgalany aýrylyşdyrmak bilen barabar bir jenaýat hasap edýän.

H.Hally: Diýmek, onda sen repiň ýaýrap gidip oturmagyny beýle bir halap baraňok-da?

Şiraly: Elbetde, men halap baramok. Ol rep äheňinde aýdylýan dikdurma aýdymlar türkmen sungatynyň böwründe dörän agyr bir kesel bolaýmasyn?!

H.Hally: Indi, ýeri gelende sorasak, seniň öz goşgyňa-da rep döredilipdi. Şoňa nähili garaýaň?

Şiraly: Hawa, meniňem bir agyr goşgyma žurnalist Allamyrat Rahym rep äheňinde bir aýdym döredipdir. Onuňam içinde, edil ýöne bir bagtly ýaşaýyş näme, eýle-beýle diýen ýaly şeýle bir zatlary sokupdyr. Men özüm şoňa haýran galdym. Soň jaň edip: “Allamyrat, sen meniň ol agyr goşgymy nädäýipsiň? Nädip sen onuň arasyna nädip beýle-beýle zatlary sokup bildiň? Ol düýbünden gelşenok ahyry!” diýsem, ol: “Aý, goý, gidibersin-le” diýdi, şonuň bilenem galdy. Entegem şol aýdym mende ýazylgy dur. Hawa, kä wagt içim gysan wagty şol aýdymy diňläp, “hezil edip” otyryn.

H. Hally: Indi, Şiraly, häzirki Türkmenistana ýaýran rep barada nämeler aýdyp biljek?

Şiraly: 2010-njy ýylyň dekabrynda estrada aýdymçylarynyň konkursynda “Ýylyň ýyldyzy” adyna mynasyp bolan Begmyrat Annamyradow tomaşaçylaryň hem diňleýjileriň ses bermegi bilen konkursyň ýeňijisi diýlip, yglan edilipdir. Ol “Watanym” hem “Siz – arkadag” atly aýdymlaryna saz ýazypdyr hem olary özi ýerine ýetiripdir. Aýdymyň sözleri bolsa 70 ýaşy arka atan köşk şahyry Gözel Şagulyýewa degişli eken.

“Neýtralnyý Turkmenistan” gazetine beren interwýusynda Begmyrat Annamyradow ýaş ýerine ýetirijileriň öňünde durýan esasy wezipäniň her bir aýdymçynyň güýjüniň ýetdiginden bu bagtly ýaşaýşy wasp etmelidigini ündäpdir. Kozma Prudkowyň jaýdar belleýşi ýaly, kim garşy çykypdyr: “Bagtly bolasyň gelýärmi? Bol!” Emma beýle bagta türkmen aýdym-saz sungatyndan daşlaşyp ýetip boljakmy, bolmajakmy? Bu eýýäm başga mesele.

Şwesiýa. Stokgolm.

Şirmuhammet Tahyr, žurnalist, köpden bäri ýaşlaryň durmuşy bilen gyzyklanyp gelýär: “Şu stilde aýdylýan aýdymlary gowy görýän we hemişe diňleýän”.

Rep – köçeleriň aýdym-sazlary. ABŞ-da rep görnüşinde aýdymy ýaşlar aýdyp başladylar. Şonda sosial kynçylyklar, syýasy, ykdysady, beýleki aktual problemalar, ýagny ýaşlar öz meseleleri, ähli kynçylyklary barada şol aýdym-sazlarynda beýan edip başladylar we Amerikadan dünýäniň dürli künjeklerine aýdym-sazyň rep görnüşi ýaýrap başlady. Indi biz Ýewropada aýdym-saz telekanallaryny görsek, şol ýerde rep aýdym-sazlary 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlary alyp gelýär. Ol ýaşlar tarapyndan köp halanýar.

Dünýäniň beýleki ýaşlary bilen deň derejede türkmen ýaşlarynyň arasynda-da rep görnüşi giň ýaýrap başlady. Ýöne türkmen rep aýdymlarynda liriki goşgular, söýgi barada köp aýdylýar ýa-da sosial kynçylyklar barada az aýdylýar. Türkmen repçilerinden meşhurlary “Zumer Ças” toparynyň rep aýdymlary bar. Eýranly repçilerden, hasam soňky döwürde Eýranda dörän dartgynlylykdan soň dörän aýdymlar bar, olara zir-zemini aýdym-sazlary, türkmençe aýtsak, ýerzemin aýdym-sazlary bolýar. Olar aç-açan aýdyp bilmeýärler, olaryň sesi tele-radiodan efire berilmeýär. Şonuň üçin aýdymlaryny gizlin aýtmaly bolýarlar. Ýöne şolaryň aýdym-sazlary dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan eýranlylar tarapyndan köp diňlenýär. Indi owgan repçilerem şeýle. Owgan repçileriniň gowy ýeri: olaryň ýurduň öz içinde aýtmaga mümkinçilikleri bar.

Türkmenistanda repiň giň ýaýramagynyň bir sebäbi, repiň resmi telewideniýede berilýän aýdym-sazlara gapma-garşy häsiýetli diýlip düşünilmeginden bolsa gerek. Şu-da bir sebäp bolup biler. Sebäbi soňky döwürde telewideniýede berilmeýän rep aýdymlarynda ýaşlaryň kynçylyklary barada, ýaşlaryň durmuşy we olaryň geljegi barada aýdym aýdylýar. Mysal üçin, türkmen-türk mekdebinde okaýyşlary barada ýaşlaryň rep aýdymy bar. Türkmenistanly bir repçiniň aýdymynda men Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda diňlenilişi barada hem bir rep aýdymy eşitdim.

Diýmek, soňky döwürde türkmen repçileri hakyky rep görnüşinde aýdylýan aýdymlara meňzeş öz aýdymlaryny aýdýar diýseň boljak. Meniň özümem şu stilde aýdylýan aýdymlary gowy görýän we hemişe diňleýän. Meniň pikirimçe, rep aýdymlarynyň Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda-da geljegi gowy we rep hökman öser. Häzirkiden-de has köpräk öser diýip, pikir edýän.

Germaniýa. Köln.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG