Sepleriň elýeterliligi

Ýewroparlament ÝB-ni Aşgabada golaýladýar


Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Joze Manuel Barroso (sagda) Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy kabul edýär, Brýussel, 5-nji noýabr, 2007-nji ýyl.

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Joze Manuel Barroso (sagda) Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy kabul edýär, Brýussel, 5-nji noýabr, 2007-nji ýyl.

Ýewropa Parlamenti, Merkezi Aziýa ýurduny Ýewropa Bileleşigine golaýlatmak maksady bilen, gaza baý Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyna başlangyç ýaşyl çyrany ýakdy. Ýöne bu taslama şertnama repressiw režimi kanunlaşdyrmak töwekgelligi üçin tankyt edilýär.

Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistan Partnýorluk we Hyzmatdaşlyk Şertnamasyna (PHŞ) baryp 1998-nji ýylda gol çekipdi. Emma bu şertnamanyň güýje girmesi ýurtdaky nämälim syýasy ýagdaý hem adam hukuklary aladalary sebäpli uzak wagtlap gijikdirilip gelindi.

Partnýorluk we Hyzmatdaşlyk Şertnamasy ÝB-niň Sowet Soýuzynyň dargamagy netijesinde dörän ýurtlar bilen işleşmek üçin ulanýan standart hyzmatdaşlyk formalarydyr. Olar syýasy-ykdysady gepleşikler üçin kanuny esas berýär we demokratiýany hem-de funksional (işleýän) bazar ykdysadyýetiniň kemala getirilmegini goldaýar.

Ýewropa Parlamentiniň Daşary gatnaşyklar komiteti düýn bu şertnamanyň güýje girmegini goldaýan rezolýusiýa we rekomendasiýa boýunça bir karar kabul etdi. Bu karar maý aýynda, parlament delegasiýasynyň Türkmenistana saparyndan soň, aýgytly görnüşdäki doly ses berişlige alyp gelmeli. Fransuz we britan parlamentleri hem entek bu şertnamany tassyk edenoklar.

Türkmenistan özüniň Brýussel bilen gatnaşyklarynda adam hukuklary we demokratiýa meselelerinde 10 ýyldan gowrak hiç hili baglanyşyga girmedik ýeke-täk Merkezi Aziýa ýurdudyr. Partnýorluk we Hyzmatdaşlyk Şertamasynyň bu kejikdiriji açyklygy gutarnykly ýapmagyna umyt baglanýar.

Ýewropa Parlamenti şu çynlakaý kemçiligi düzetmek üçin Partnýorluk we Hyzmatdaşlyk Şertnamasyna Türkmenistandaky demokratiýalaşmany ýakyndan yzarlar ýaly bir mehanizmiň goşulmagyny soraýar. Bu Ewropa Bileleşiginiň assambleýasynyň şunuň ýaly gözegçilik işine ilkinji gezek goşulyşy bolar.

“Eger adam hukuklary we demokratizasiýa meseleleri hormatlanmasa, bu şertnama togtadylar” diýip, Ýewropa Parlamentiniň agzasy Norika Nikolaý 25-nji ýanwardaky ses berişlikden öň bolan çekişmede aýtdy.

Emma parlament agzalary bu şertnamanyň täsiri meselesinde iki bölek bolup galýarlar. Geçen senýabrda taslanan rezolýusiýa kararyna 162 düzediş girizildi.

“Köplenç söwdany ilerletmek döwletleri açar we repressiýany gowşadar diýip aýdylýar, emma munuň Türkmenistan babatda beýle däldigi açyk” diýip, Ýewropa Parlamentiniň agzasy we Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklar boýunça parlament delegasiýasynyň wise prezidenti Bart Staes Azatlyk Radiosyna aýtdy. “Türkmenistanyň ÝB bilen ýakynrak gatnaşyklary şu wagta çenli bu ýurda adam hukuklary we demokratiýa meselesinde hiç bir gowulaşma getirmedi” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG