Sepleriň elýeterliligi

Müsürde halk gozgalaňy güýjeýär


Müsürde tutuş ýurtda barýan hökümete garşy protestlerde Kair we Suez şäherinde polisiýa bilen protestçileriň arasynda çaknyşyk boldy.



Kairde polisiýa Žurnalistler birleşiginiň golaýynda prezident Hosni Mubaregiň häkimiýet başyndan çekilmegini talap eden demonstrantlara garşy göz ýaşardyjy gaz ulandy.

Suez şäherinde hem 25-nji ýanwarda üç adam öldi. Ýurduň Içeri işler ministrligi köçe protestlerini gadagan edip, protestçileriň kanun esasynda yzarlanjakdygyny bildirdi.

Sişenbe güni Kairde kellesine daş degen bir polis işgäri aradan çykdy.

25-nji ýanwarda halky proteste çagyran – “6-njy aprel hereketi” diýlip tanalýan ýaşlar guramasy. Bu topar düýn hem özleriniň “Facebook” sahypalaryndan peýdalanyp, halky Kairiň merkezine ýygnanmaga çagyrdy. Ýöne indi, aýdylyşyna görä, häkimiýetler “Twitter” internet ulgamynyň öňüni böwetläp, oppozisiýanyň adamlary täzeden bir ýere üýşürmek mümkinçiligini çäklendiripdir.

Merkezi Kairde ýerleşýän “Al-Masry al-Ýoum” gazetiniň redaktory Ehab el-Zelaky “Facebook” we “Twitter” ýaly täze medianyň Müsürde oppozisiýanyň dinamikasyny üýtgedendigini aýdýar: “Müsürde däp bolup gelýän syýasy güýçlerden daşarda ýaşlaryň indi ýüze çykyp gelýän bir hereketi bar. Olar habarlaşmak we üýşüşmek üçin jemgyýetçilik ulgamlaryndan peýdalanýarlar”.

20 müň adam köçede

Internetde özleriniň sişenbe güni demonstrasiýa gatnaşjakdygyny aýdanlaryň sany 80 müň töweregidi. Ýöne protestlere takmynan 20 müň adam goşuldy. Bu ýagdaý protesti gurnanlary-da geňirgendirdi. Sebäbi olar munça adamyň köçä çykaryna garaşmandy. Olar protestlerden öň demonstrasiýalara birnäçe müň adam gatnaşsa-da, uly üstünlik diýip baha berjekdiklerini bildiripdirler.

El-Zelakynyň pikiriçe, Müsüriň lapykeç ýaşlarynyň aýaga galmgynda açyk rol oýnan zat – soňky günlerde arap dünýäsini gurşap alan tolgunmalar. Bu ýagdaý Tunisde prezidentiň wezipeden aýrylmagyna getiren gozgalaňdan soň döredi.

“Meniň pikirimçe, Müsür ýaşlaryny ilkinji nobatda ruhlandyran zat Tunisde bolan wakalar. Olar arap regionynyň, biziň goňşularymyzyň iň tanymal diktatorynyň halkyň eden basyşy netijesinde ýurdy taşlap gidenini gördüler. Meniň pikirimçe, olaryň köpüsi bu ýerde, Müsürde biz hem öz ykbalymyzy özümiz kesgitläris diýýärler” diýip, El-Zelaky aýdýar.

Sişenbe güni protestlere gatnaşanlaryň aglaba köplügi ýaşy 30-dan bärdäki adamlardy. Ýöne köpçülikleýin üýşmeleňlere dürli ýaşlardaky adamlar gatnaşdy. Olar musulman ýa hristian diýmän, hemmesi Mubaregiň häkimiýet başyndan gitmegini talap etdiler.

Ýöne ýurduň iň uly oppozision topary “Musulman doganlygy” öz käbir agzasynyň protestlere gatnaşandygyny aýtsa-da, ýörişleri resmi taýdan goldamady. Şol sebäpden müsürli aktiwist Gameele Ismail öňdäki günlerde we hepdelerde ýurtda täze syýasy oppozisiýanyň ýüze çykmagyna garaşýar.

“Munuň soňy nirä barar? Sorag şunda. Biziň talaplarymyz ýerine ýetýärmi? Biziň köp talabymyz bar. Bular Mubaregiň häkimiýet başyndan gitmeginden başlap, beýleki sosial, ykdysady we syýasy talaplary öz içine alýar. Bularyň haýsy hakykata öwrülip, haýsy göz ýaşlary süpürer ýa haýsy problema bolmagynda galar? Bular häzir jogapsyz ýatan soraglar. Biz häzir synaglar we ýalňyşlyklar döwrüni başdan geçirýäris. Bir çaga doglanda, oňa näme boljakdygy belli däl. Biz hem entek bilemzok” diýip, Ismail aýdýar.

Çagyryş edildi

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton taraplary gazaply hereketlerden saklanmaklyga çagyrdy. Ol Mubarege hem halkyň talaplaryny ýerine ýetirmegi ündedi.

“Biz müsür hökümetiniň öz wagtynda syýasy, ykdysady we sosial reformalary amala aşyrmak bilen müsür halkynyň kanuny isleglerini we bähbitlerini kanagatlandyrmak üçin häzirki wagtyň möhüm pursatdygyna ynanýarys” diýmek bilen Klinton Waşingtonyň protestçileriň tarapyny çalýandygyny bildirdi.

Ol oppozisiýanyň protestleri ýola goýamakda “Facebook” we “Twitterden” peýdalanandygyny göz öňünde tutup, müsür häkimiýetlerini bu jemgyýetçilik media sahyplarynyň öňüni almazlyga çagyrdy: “Biz müsür halkynyň ählumumy hukuklaryny, şol sanda söz azatlygy, birleşmeler gurmak we ýygnanmak azatlygyny goldaýarys. Müsür häkimiýetlerini parahatçylykly protestleriň öňüni almazlyga, aragatnaşyk serişdeleriniň, şol sanda jemgyýetçilik media sahypalarynyň-da blokirlemezlige çagyrýarys”.

Prezident Barak Obamanyň sözçüsi Robert Gibbs žurnalistlere: “Hökümete bu ählumumy hukuklary ykrar edip, müsür halkyna öz jogapkärçiliklerini görkezmegi üçin bu bir möhüm pursat” diýdi.

“Amnesty International” hem şu gün müsür häkimiýetlerini kada-kanuny äsgermezlik edip, polisiýa güýçlerinden peýdalananlykda aýyplady. Ol şeýle hem häkimiýetleri protestçileriň öldürilmegi boýunça garaşsyz derňew geçirmeklige çagyrdy.

Müsürde prezident Hosni Mubaregiň 30 ýyllyk hökmürowanlygynyň soňlanmagyny talap edýän müňlerçe demonstrantlaryň protest ýörişlerinde azyndan üç adamyň ölendigi aýdylýar.

Tunisiň prezidentini häkimiýetden agdaran rewolýusiýadan ruhlanan protestçiler Kairde, Aleksandriýada we beýleki şäherlerde 20 müň ýa-da ondan hem köp adam ýygnanan demonstrasiýalarda “Tunis!”, “Tunis!” diýşip gygyryşdylar. Polisiýa özlerine tarap çüýşe we daş zyňýan protestçileriň garşysyna göz ýaşardyjy gazlary, suw toplaryny ulandy.

Müsürliler hem tunislileri köçä çykaran zatlardan: azyk harytlarynyň bahasynyň gymmatlamgyndan, garyplykdan, işsizlikden we jemgyýetçilik protestlerini çalt hem gazaply basyp ýatyrýan awtoritar dolandyryşdan şikaýat edýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG