Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni bellenilýär


Şu gün Türkmenistanda ýurduň Ýaragly güýçleriniň döredilmeginiň 19 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni bellenilip geçilýär.

Bu sene bilen baglanyşykly prezident G.Berdimuhamedow ýurduň harby gullukçylaryny baýramçylyklary bilen gutlap, olara gutlag ýüzlenmesi bilen ýüzlendi.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi bu ýüzlenmäniň tekstiniň şu gün ýurduň esasy gazetleriniň hemmesinde çap edilendigini we onuň şu gün irden harby bölümleriň gullukçylarynyň öňünde dabaraly ýagdaýda okalandygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG